Ulag infrastrukturasy we logistika
Demir ýol ulgamlary, awtomobil ulag ulgamlary, multimodal terminallary, logistika merkezleri we ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça taslamalar.

«Baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC 2026) — bu ulag geçelgeleriniň, logistikanyň, sanly infrastrukturanyň we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanan halkara forum we sergidir. Bu çäre ähliumumy ulag baglanyşygyny ösdürmegiň häzirki zaman meýillerini we geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak canceled üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekillerini, maýadarlary we pudaklaýyn bilermenleri bir ýere jemleýär. Forum hünär derejesindäki gepleşikler, tejribe alyşmak hem-de ulag ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, logistika amallaryny kämilleşdirmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen iş ýüzündäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçün platforma bolup hyzmat edýär.

Demir ýol ulgamlary, awtomobil ulag ulgamlary, multimodal terminallary, logistika merkezleri we ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça taslamalar.
Portlary ösdürmek tehnologiýalary, Hazar deňziniň logistikasy, gämi gatnawy hyzmatlary, konteýnerleri işläp taýýarlamak ulgamlary we deňiz baglanyşygy üçin çözgütler.
Howa ulag hyzmatlary, ýük awiakompaniýalary, aeroport infrastrukturasy, awiasiýa logistika merkezleri we howa ulag tehnologiýalary.
Akylly ykjamlyk ulgamlary, awtonom ulag çözgütleri, yzarlama tehnologiýalary we intellektual ulag ulgamlary (ITS).
Süni akyla esaslanýan logistika ulgamlary, sanly ýük platformalary, blokçeýn çözgütleri, «akylly gümrük», IoT we üpjünçilik zynjyraryny sanlylaşdyrmak.
Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy (DHH), maliýe institutlary, infrastruktura maýa goýum taslamalary we halkara ösüş maksatnamalary.
Ekologiýa taýdan arassa logistika, pes uglerodly ulag tehnologiýalary, energiýa tygşytlaýjy ulgamlar we ESG ugurly çözgütler.
Ýük ugratmak (ekspeditorlyk) hyzmatlary, söwda logistikasy, ulag pudagy üçin senagat enjamlary we degişli hyzmatlar.