
Mämmet Akmämmedow
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

2026-njy ýylyň 24-26-njy noýabryAşgabat, Türkmenistan
«Baglanyşyk we ösüş – 2026» (ITTC 2026) — bu ulag geçelgeleriniň, logistikanyň, sanly infrastrukturanyň we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanan halkara forum we sergidir. Bu çäre ähliumumy ulag baglanyşygyny ösdürmegiň häzirki zaman meýillerini we geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak canceled üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekillerini, maýadarlary we pudaklaýyn bilermenleri bir ýere jemleýär. Forum hünär derejesindäki gepleşikler, tejribe alyşmak hem-de ulag ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, logistika amallaryny kämilleşdirmäge we halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen iş ýüzündäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçün platforma bolup hyzmat edýär.
Çäre barada giňişleýin maglumat
Brendiňizi innowasiýalaryň we hyzmatdaşlygyň merkezinde ýerleşdirmek üçin ITTC 2026-nyň hyzmatdaşy boluň. Biziň hemaýatkärlik paketlerimiz brendiňiziň tanyşlygyny maksimal derejede artdyrmak, ähmiýetli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we pudagyň hünärmenleri bilen dowamly hyzmatdaşlygy döretmek üçin niýetlenendir. Maslahatyň ähli ugurlarynda brendiňiziň ykrar edilmeginden başlap, aýratyn aragatnaşyk (networing) we sergi mümkinçiliklerine çenli her bir paket netijeli gymmatlyk hödürleýär we size maksatlaryňyza iň laýyk gelýän gatnaşyk derejesini saýlamaga mümkinçilik berýär.
























