
Türkmen syýahatçylyk kompaniýasy “Eşretli Syýahat”-yň çäräniň resmi Bürünç hyzmatdaşy bolandygyny begenç bilen habar berýäris.
“Eşretli Syýahat” barada
“Eşretli Syýahat” — syýahat hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän türkmen syýahatçylyk kompaniýasy. Kompaniýa dünýäniň ähli ugurlaryna awiabiletleri satýar, daşary ýurtly myhmanlar üçin çakylyklary resmileşdirýär, ýurdumyzyň içinde gezelençleri guraýar, maslahatlara we sergilere gatnaşmakda ýardam berýär, şeýle hem daşary ýurda gidýän raýatlar üçin syýahat ätiýaçlandyryş şahadatnamalaryny resmileşdirýär.
Web-sahypa: eshretlitravel.com