
Gurluşyk serişdelerini öndürýän türkmen kärhanasy “Mizemez Gadam” hususy kärhanasynyň çäräniň resmi Bürünç hyzmatdaşy bolandygyny begenç bilen habar berýäris.
“Mizemez Gadam” barada
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän “Mizemez Gadam” hususy kärhanasy gurluşyk serişdelerini, şol sanda izogam suw geçirmeýän serişdesini öndürýär. Kärhananyň önümleri Türkiýä, Özbegistana, Gazagystana, Azerbaýjana we Gürjüstana eksport edilýär.