Oguz Forum & Expo
  • +99361 480 080

  • info@oguzforum.com

ITTC 2026 — Halkara maslahat we sergi
Habarlar
GirişHasaba durmak
Baş sahypa

Çäre barada

  • Çäre barada
  • Meýilnama
  • Çykyş edýänler
  • Resmi goldaw
  • Sowallar

Syýahat we ýerleşiş boýunça gollanma

  • Wiza almak üçin ýüz tutmak
  • Uçar biletini bron etmek
  • Myhmanhana bron etmek
Habarlar
GirişHasaba durmak
Oguz Forum

Mazmuny

MeýilnamaÇykyş edýänlerBroşýuraHabarlar

Peýdaly ssylkalar

Resmi goldawHasaba durmakSowallar

Kontaktlar

+99361 480 080info@oguzforum.com

Wep sahypasy ulanýan sözleriMazmunyň sözleriKuki syasatýy
© 2026, Ähli hukuklar goralanHebent
Habarlara
image

Türkmenistanyň Milli pawilýony Hytaýyň 9-njy Halkara import sergisinde tanyşdyryldy

#CIIE 20265 noýabr 2026

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 10-njy noýabra çenli dowam etjek Hytaýyň 9-njy Halkara import sergisi (CIIE 2026) öz işine başlady. Türkmenistan sergide Milli pawilýony bilen çykyş edýär. Milli pawilýonyň esasy guramaçysy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Oguz Forum we Ekspo» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikdäki guramaçylygynda taýýarlandy.

Türkmenistanyň Milli pawilýony Milli sergi we maslahat merkeziniň 5.2-nji zalynda, Ýurtlar sergisiniň çäginde ýerleşýärwe zalyň iň bir abraýly hem amatly ýerleriniň birinde myhmanlary kabul edýär. 132 inedördül metr meýdany eýeleýän pawilýonda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, senagat we eksport mümkinçilikleri, şeýle hem baý medeni mirasy görkezilýär.

Pawilýonda saglygy goraýyş, dokma senagaty, söwda, senagat, himiýa senagaty, energetika, aragatnaşyk, transport we logistika, nebit we gaz, medeniýet, azyk we oba hojalygy pudaklary boýunça döwlet edaralary, kärhanalar we hususy telekeçiler öz önümlerini, hyzmatlaryny we maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrýarlar.

Pawilýonyň merkezinde türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ussatlygynyň we medeni mirasynyň nyşany bolan türkmen halylary görkezilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary derejeli resmi wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýan esasy nutuk bilen çykyş etdi. Dabarany Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministri Wan Wentao alyp bardy. Açylyş dabarasyna şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministriniň orunbasary, Halkara söwda gepleşikleri boýunça wekiliň orunbasary Lin Szi gatnaşdy.

Hytaýyň Halkara import sergisi importa bagyşlanan ilkinji döwlet derejesindäki sergi bolup, 2018-nji ýyldan bäri her ýyl Şanhaý şäherinde geçirilýär. Sergini Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi we Şanhaý şäheriniň Halk hökümeti guraýar. Ol halkara söwda, maýa goýum we işewür hyzmatdaşlygy üçin iri halkara meýdançalaryň biri hökmünde giňden tanalýar.

2025-nji ýylda geçirilen 8-nji sergä 150-den gowrak ýurduň we sebitiň wekilleri, 4 108 daşary ýurt kompaniýasy gatnaşdy, 460 müňden gowrak zyýaratçy hasaba alyndy, gol çekilen ilkinji ylalaşyklaryň möçberi bolsa 83,49 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Sergä gatnaşmak türkmen önümleriniň Hytaý bazaryna çykmagyna, eksportyň giňelmegine, täze hyzmatdaşlary we maýadarlary çekmäge, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder.

Digel habarlar

image
#ITTC 2026

Aviacon Zitotrans ITTC 2026 çäresine Bürünç hyzmatdaş hökmünde goşulýar

12 noýabr 2026
Giňişleýin
image
#ITTC 2026

Turkmenline ITTC 2026-nyň Kümüş hyzmatdaşy boldy

11 noýabr 2026
Giňişleýin
image
#ITTC 2026

UlagExh ITTC 2026-nyň Kümüş hyzmatdaşy boldy

11 noýabr 2026
Giňişleýin