Oguz Forum & Expo
  • +99361 480 080

  • info@oguzforum.com

ITTC 2026 — Halkara maslahat we sergi
Habarlar
GirişHasaba durmak
Baş sahypa

Çäre barada

  • Çäre barada
  • Meýilnama
  • Çykyş edýänler
  • Resmi goldaw
  • Sowallar

Syýahat we ýerleşiş boýunça gollanma

  • Wiza almak üçin ýüz tutmak
  • Uçar biletini bron etmek
  • Myhmanhana bron etmek
Habarlar
GirişHasaba durmak
Oguz Forum

Mazmuny

MeýilnamaÇykyş edýänlerBroşýuraHabarlar

Peýdaly ssylkalar

Resmi goldawHasaba durmakSowallar

Kontaktlar

+99361 480 080info@oguzforum.com

Wep sahypasy ulanýan sözleriMazmunyň sözleriKuki syasatýy
© 2026, Ähli hukuklar goralanHebent
Ähli çykyş edýänler
image

Ýurgen Zene

"Air Belgium S.A." kompaniýasynyň tehniki direktory

Ýurgen Zene (Juergen Sehne) jenaplary awiasiýa tehnikasyna tehniki hyzmat etmek we ony abatlamak ugrunda giň tejribesi bolan awiasiýa pudagynyň ýokary derejeli ýolbaşçysydyr. Onuň ýolbaşçy wezipelerdäki iş tejribesi 25 ýyldan gowrak. Ol halkara awiasiýa kompaniýalarynda çylşyrymly tehniki guramalary dolandyrmakda, köp ugurly toparlara ýolbaşçylyk etmekde, iş amallaryny kämilleşdirmekde we strategik özgertmeleri geçirmekde üstünlikli tejribä eýe.

Iş ýolunyň dowamynda Zene jenaplary awiasiýa pudagynyň dürli ugurlarynda ýolbaşçy wezipelerde işledi. Olaryň hatarynda inženerçilik, tehniki ulanyş, operatiw we döwürleýin tehniki hyzmat, uçuşa ýaramlylygy saklamak (CAMO), tehniki meýilleşdirme, tehniki hyzmaty dolandyrmak, önümçiligi dolandyrmak we VIP synpyndaky howa gämilerine hyzmat etmek bar. Ol strategik ýolbaşçylyk, býujeti dolandyrmak, kadalaşdyryjy-hukuk talaplaryna laýyklygy üpjün etmek, «Lean Management» tygşytly önümçilik we «Kaizen» ulgamlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem işewürligi özgertmek ugurlarynda çuňňur başarnyklara eýe.

Häzirki wagtda «Air Belgium S.A.» kompaniýasynyň tehniki direktory hökmünde ol awiakompaniýanyň Tehniki departamentine we Uçuşa ýaramlylygy saklamak gullugyna (CAMO Services) ýolbaşçylyk edýär.