
Aeroservices kompaniýalar toparynyň baş ýerine ýetiriji direktory
Maşud Akmal awiakosmos we goranmak pudagynda ýigrimi ýyllyk ýolbaşçylyk tejribesi bolan telekeçidir. Onuň ýolbaşçylygynda Aeroservices kompaniýasy dünýäniň iri milli awiakompaniýalaryna uçar hereketlendirijilerini, kömekçi güýç desgalaryny we gonuş şassilerini kärendä berýän Beýik Britaniýanyň kompaniýasyna öwrüldi.
Kompaniýalar toparynyň baş ýerine ýetiriji direktory hökmünde ol öňdebaryjy awiakompaniýalar we dürli ýurtlaryň goranmak güýçleri bilen uzak möhletli şertnamalara gözegçilik edýär. Topar awiasiýa enjamlaryny abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek, şeýle hem üç yklymyň 80-den gowrak ýurdundaky müşderilere awiasiýa şaý-seplerini ibermek bilen meşgullanýar. Topar alty ýurtda işleýär.
Ol ExxonMobil Aviation, Honeywell Aerospace, Collins Aerospace (RTX), CFM International, Safran we GE Aerospace ýaly dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Şeýle hem işewürlik bilen döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.
Ol King’s Business School (London Korol kolleji), Saïd Business School (Oksford uniwersiteti) we Lids uniwersitetinde (halkara marketing dolandyryşy boýunça magistr) bilim aldy.